Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler. Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak. Baş wezir olara Hizkiýa şeýle diýiň diýdi: «Beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä bil baglaýarsyň? Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir. Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn». Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik. Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy. Müsür ýurdy harabaçylyga we çöllüge öwrüler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. Faraon: „Nil derýasy meniňki, ony men ýaratdym“ diýdi. Men ol gün ysraýyl halkyna güýç bererin, olaryň arasynda saňa saýrap duran dil bererin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.
Выбор основного перевода