Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler. Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar. Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer. Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler. Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“. Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.
Выбор основного перевода