Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek. Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy. Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim. Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy. Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
Выбор основного перевода