Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň. Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar. Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň? Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“». Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. «Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy faraon üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».
Выбор основного перевода