Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz. Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. Onsoň seni gury ýere taşlaryn, meýdana zyňaryn, gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn, tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn. Etiňi daglaryň üstüne serip, dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn. Topragyňy daglara çenli ganyň bilen suwararyn; jülgeler seniň läşiňden dolar. Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.
Выбор основного перевода