Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz. Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler. Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi.
Выбор основного перевода