Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin. Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, seždegähleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn. Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim.
Выбор основного перевода