Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar. Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi. Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy. Gylyjy gynyňa sal! Ýaradylan ýeriňde, dogduk mekanyňda Men saňa höküm çykararyn.
Выбор основного перевода