Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar. Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi. «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn. Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin. Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.
Выбор основного перевода