Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi. Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler. Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem? Olary özleriniň getiren gurbanlyklary bilen harama çykardym, ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban etmäge ýol berdim. Şeýdip, Men olara howp saldym we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim». Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men size maslahat bermerin. Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler. Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.
Выбор основного перевода