Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar! Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi. «Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn. Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men. Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn. Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda butparazçylykly heýkeller goýduňyz. Meni terk edip, ýalaňaçlanyp, düşegiňize geçdiňiz. Ony giňeltdiňiz; äht edişdiňiz olar bilen, olaryň düşegini söýdüňiz, olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz. Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy. Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler. Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da çökderdi. Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.
Выбор основного перевода