Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme? Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý. Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.
Выбор основного перевода