Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi. Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar. Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer. Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. Hiç kime zulum etmez, girew almaz, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer, Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär. Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn. Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler.
Выбор основного перевода