Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz». Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn». Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn. Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler. Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň.
Выбор основного перевода