Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler. Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler. Ysraýyllardan üç müňe golaý adam Aý galasyna tarap gitdi, emma Aý galasynyň ýaşaýjylary olary gaçmaga mejbur etdiler. Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin tutuş halkyň susty basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi. Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin. Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň». Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy. Ýeşuwa olara şeýle buýruk berdi: «Siz galanyň arka tarapynda, onuň ýeňsesinde bukuda oturarsyňyz. Galadan gaty uzaga gitmäň we hemmäňiz taýýar bolup duruň. Men ýanymdaky ýoldaşlarym bilen gala golaý bararys. Şol wagt Aýyň ýaşaýjylary edil öňki gezekki ýaly biziň garşymyza çykyp ugrarlar welin, biz olardan gaçyp başlarys. Olar biziň yzymyzdan kowalap gaýdarlar. Biz olaryň ünsüni galadan sowarys, sebäbi olar bizi edil öňki gezekki ýaly, özlerinden gaçýandyrlar öýderler. Biz olardan gaçýan mahalymyz, siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir. Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Hut meniň tabşyryşym ýaly ediň!» Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi. Ýeşuwa ertesi irden turup, adamlaryň hemmesini ýygnady. Ol Ysraýyl ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý galasyna tarap ugrady. Onuň bilen bile urşujylaryň ählisi gitdi, olar galanyň esasy girelgesine golaýlaşdylar. Olar Aýyň demirgazyk tarapyndan gelip düşlediler. Indi olar bilen Aý galasynyň arasynda diňe jülge bardy. Soňra Ýeşuwa bäş müňe golaý adamy galanyň günbatarynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda bukuda oturtdy. Goşunyň agramly bölegi galanyň demirgazygynda, galan bölegi günbatarynda ýerleşdi. Ýeşuwa bolsa şol gijäni jülgede geçirdi. Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Galanyň hany erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy. Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar. Olaryň yzyndan kowmak üçin galadaky ähli erkek adamlar çagyryldy. Olaryň hemmesi birigip, Ýeşuwanyň we onuň goşunynyň yzyndan kowalap, galadan daşlaşdylar. Aýda we Beýtelde ysraýyllaryň yzyndan kowalamadyk ýekeje-de erkek adam galmady. Şeýdip, olar öz galasyny goragsyz, alaň-açyk galdyrdylar. Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy. Ol elini uzadan badyna, bukuda oturanlar çalasynlyk bilen oturan ýerlerinden çykyp, gala tarap okduryldylar. Olar galany eýeläp, derrew ony oda berdiler. Aý galasynyň adamlary yzlaryna seredende, galanyň tüssesiniň al-asmana galandygyny gördüler. Olaryň aňry hem, bäri hem gaçara ýeri ýokdy. Sebäbi çöle gaçyp barýan ysraýyllar hem kowguçylara garşy öwrülipdiler. Ýeşuwa we ähli ysraýyllar bukuda oturanlaryň galany eýeländiklerini we galanyň tüssesiniň asmana galandygyny görüp, yzlaryna dolandylar we Aýyň adamlaryny gyrmaga başladylar. Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar. Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürilenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler. Tutuş Aý galasynda şol gün öldürilen ilatyň, aýal-erkek ählisiniň jemi on iki müň sany boldy. Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi. Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar. Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi. Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň! Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady». Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar. Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler. Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»
Выбор основного перевода