Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagtyň özünde Ýeşuwa yzyna dolanyp gelip, Hasory basyp aldy we onuň hanyny gylyçdan geçirdi. (Hasor şol wagtky hanlyklaryň iň beýigidi.) Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar. Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara. Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner. Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi. Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň, Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň. Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar? Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler. Men Mowaby ammonlar bilen birlikde gündogar halklarynyň eline mülk edip bererin. Şeýdip, ammonlar milletler arasynda hiç haçan ýatlanylmaz. Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.
Выбор основного перевода