Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi. Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi. «Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy. «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et. Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz. Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar. Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder. «Halkymy masgaralap, olaryň ýurdunda men-‑menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim». Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».
Выбор основного перевода