Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinneredi basyp aldy. Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar. Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder. Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin, Awen jülgesiniň hökümdaryny, Beýtedende eli şa hasaly hökümdary ýok ederin. Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода