Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar. Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler. Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez. Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker. Şalyk sürer ýaly asylzadalary ýok indi, ähli hökümdarlary hiç indi. Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler. Wagşy haýwanlar syrtlanlara duşarlar, dag goçlary höwürlerini çagyrarlar, gijeki jandarlar-da ol ýerde ornaşyp, dynç almaga ýer taparlar. Ol ýerde baýguşlar höwürtgeläp, ýumurtgalar we çagalar, olary öz saýasyna üýşürerler, çaýkeller-de jübüt-jübütden toplanar. Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar. Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“. Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler. Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar. Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez.
Выбор основного перевода