Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi? Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler. Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? «Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar. Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy. Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar.
Выбор основного перевода