Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn. Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi». Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň. gurak ýerdäki yssy kimindir, kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň; bulut kölegesi bilen yssyny basyşyň kimin, ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy. Çünki Reb Babyly weýran edýär, şowhunyny basyp ýatyrýar. Tolkunlary bol suw deý güwleýär, galmagally sesleri eşidilýär. Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de, elimi uzadyp, olary ondan çykararyn. Olar göge çyksalar-da, ol ýerden aşak düşürerin. Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.
Выбор основного перевода