Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär; hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler. Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».
Выбор основного перевода