Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Soňra demirgazyk patyşasy günorta patyşasynyň üstüne çozar, emma onuň hüjümi yzyna serpikdiriler. Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler. Şol döwürde birtopar adam günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Görnüşiň berjaý bolmagy üçin seniň halkyňyň arasyndan güýji zorlar aýaga galarlar, emma olar büdrärler. Soňra güýjüni we kuwwatyny jemläp, ol beýik goşun bilen günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Günorta patyşasy-da has uly we güýçli goşun bilen urşa girişer. Emma günorta patyşasy özüne garşy gurlan dildüwşükler sebäpli ýeňiş gazanyp bilmez. Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
Выбор основного перевода