Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar. Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler. Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler. Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder. Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar. Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler. Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda entediler, gowaklarda, köweklerde gizlendiler. Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.
Выбор основного перевода