Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel». Ol nämedir Nil kimin daşyp, suwlar kimin çaýkanýan? Ol Müsürdir, Nil deý joşup, suwlar kimin çaýkanýan. Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn, şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin». Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir. Ýöne ol gyzyň kakasynyň, ýagny günorta patyşasynyň ýerine gyzyň kökünden bir baldak çykar, ol demirgazyk patyşasynyň garşysyna hüjüm edip, onuň galasyna girer. Olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar. Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar. Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
Выбор основного перевода