Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler. Soňra demirgazyk patyşasy berk diwarly şähere gelip, onuň diwarlaryna çykmak üçin ýapgyt gurar we bu şäheri basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez. Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
Выбор основного перевода