Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Emma Rehabgam diňe Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi. Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar. Ýüzüňi Iýerusalimiň gabawyna tarap öwür-de, gollaryňy çermäp, onuň garşysyna pygamberlik et. Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler. Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.
Выбор основного перевода