Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen! Sen Öz kuwwatyňy guşandyň hem-de daglary berkarar etdiň. «Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr. Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär. Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler. Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr. Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar. Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.
Выбор основного перевода