Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe. Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder. Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler. Soňra demirgazyk patyşasy berk diwarly şähere gelip, onuň diwarlaryna çykmak üçin ýapgyt gurar we bu şäheri basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez. Onuň saçagyndan çörek iýenler ony weýran ederler. Goşuny dargadylyp, bir topary urlup öldüriler. Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.
Выбор основного перевода