Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!» Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan. Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn. hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünjä ýalbarsaň, ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň, şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň. Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr. Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar. Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar. Şonda dogruçyllyga we adalata akyl ýetirersiň, adyllyga we ýagşy ýola düşünersiň. Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.
Выбор основного перевода