Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir». Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar. Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn». Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady. Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady. Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin. Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
Выбор основного перевода