Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy. Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi. Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky seždegähe gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi. Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi. Şeýdip, Süleýman Gibgondaky seždegähden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi.
Выбор основного перевода