Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler. Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz ýigrimi bäş batman ýokary hilli undan, dört ýüz elli batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy. Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz ýigrimi bäş batman ýokary hilli undan, dört ýüz elli batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy. Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady. Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy. Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi. Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Выбор основного перевода