Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin. „Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin. Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder. siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň. Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň. Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz. Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
Выбор основного перевода