Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi. Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi. Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy. Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar. Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy. Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy». Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris.
Выбор основного перевода