Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy. Süleýman patyşanyň Reb üçin guran öýüniň uzynlygy altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsek, beýikligi otuz tirsekdi. Rebbiň öýüniň daşky otagynyň öňündäki eýwanynyň ini öýüň ini ýaly ýigrimi tirsekdi, uzynlygy öýüň öň tarapynda on tirsekdi. Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi. Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy. Pürsler öýüň diwaryny deşmez ýaly, öýüň diwarynyň ýüzünden daş çykgytlar etdiler. Aşaky gatyň ini bäş tirsek, ortaky gatyň ini alty tirsek, üçünji gatyň ini ýedi tirsekdi. Rebbiň öýi gurlanda öňden ýonulyp taýýarlanan daşlardan guruldy. Şol sebäpden öý gurulýarka ondan ne çekiç, ne palta, ne-de demir guralyň sesi eşidildi. Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy. Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň gurluşygyny tamamlady. Ol öýüň üçegini kedr pürsleri we kedr tagtalary bilen basyrdy. Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi. Süleýmana gurup ýören öýi hakynda Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eger sen Meniň parzlarymy berjaý edip, hökümlerime boýun bolup, ähli tabşyryklarymy saklap, olary berjaý etseň, Men kakaň Dawuda beren wadamy seniň üstüň bilen ýerine ýetirerin. Süleýmana gurup ýören öýi hakynda Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eger sen Meniň parzlarymy berjaý edip, hökümlerime boýun bolup, ähli tabşyryklarymy saklap, olary berjaý etseň, Men kakaň Dawuda beren wadamy seniň üstüň bilen ýerine ýetirerin. Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin». Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüni gurup gutardy. Ol öýüň içki diwarlarynyň ýüzüne düýbünden üçegine çenli kedr tagtalaryny tutdy we öýüň poluny serwi agajyndan etdi. Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy. Içki otagyň öňündäki daşky otagyň uzynlygy kyrk tirsekdi. Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi. Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady. Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy. Süleýman Rebbiň öýüniň içini sap altyn bilen örtdi; içki otagyň öňünden altyn zynjyrlar gerip, ony-da altyna gaplady. Soňra ol tutuş öýi kemsiz-köstsüz bolar ýaly, ony tutuşlygyna altyna gaplady. Hatda içki otagyň öňünde duran sypa hem altyn çaýdy. Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup ýasady. Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi. Olaryň hersiniň ganaty, ganatynyň bir ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň ölçegi-de, şekili-de birdi. Keruplaryň ikisiniň-de beýikligi on tirsekdi. Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy. Süleýman keruplara hem altyn çaýdy. Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Ol öýüň içki we daşky otaglarynyň poluna hem altyn çaýdy. Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy. Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady. Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy. Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy. Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy. Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy. Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy. Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy. Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi. Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony, Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi. Bu gala ozal Müsür patyşasy faraon tarapyndan basylyp alnyp, oda berlipdi. Faraon galada ýaşaýan kenganlary gyryp, ony inji hökmünde öz gyzyna – Süleýmanyň aýalyna beripdi. Faraonyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi. Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.
Выбор основного перевода