Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi. Şimgi Dawutdyr onuň nökerlerini daşlady. Ähli esgerleri hem patyşanyň janpenalary Dawudyň sagynda hem solunda durdular. Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. Olar patyşanyň öý-içerisini geçirmek üçin we onuň huzurynda islän zadyny berjaý etmek üçin, derýanyň saý ýerinden geçdiler. Patyşa Iordan derýasyndan geçen badyna, Geranyň ogly Şimgi onuň öňünde tagzym edip, şeýle diýdi: «Jenabym, meni günäli hasaplamaň we şa hezretleriniň Iýerusalimden çykan güni öz guluňyzyň eden ýamanlygyny ýatlamaň, ony göwnüňize almaň. Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim». Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip-saýlanyna gargady ahyryn» diýdi. Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez». Patyşa ant içip, Şimgä: «Sen ölmersiň» diýdi.
Выбор основного перевода