Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde faraonyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim. Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim. Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“ Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin. Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl – sizden doglanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez. Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez. Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler. Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar. Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer. Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“».
Выбор основного перевода