Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala. Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi. Abýatar Şawulyň Rebbiň ruhanylaryny gyrgyna berendigini Dawuda habar berdi. Dawut Abýatara şeýle diýdi: «Ol ýerde edomly Döwegi görüp, men onuň Şawula habar berjekdigini şol gün anyk bildim. Seniň ataňyň tutuş maşgalasynyň ölümi üçin men günäkär. Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň». Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy. Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular. Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder. Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin». Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt. Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn». Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.
Выбор основного перевода