Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi. Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi. Şimgi Dawutdyr onuň nökerlerini daşlady. Ähli esgerleri hem patyşanyň janpenalary Dawudyň sagynda hem solunda durdular. Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. Seruýanyň ogly Abyşaý patyşa garap: «Bu itiň maslygy näme üçin şa hezretlerine gargap dur? Ygtyýar beriň, kellesini alaýyn» diýdi. Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi. Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir. Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi. Şeýdip, Dawut adamlary bilen öz ugruna gitdi. Baýryň etegi bilen, Dawudyň deňinden barýan Şimgi oňa gargaýardy, ony daşlaýardy, kesekleýärdi. Patyşa bilen onuň ýanyndaky ýadap surnugan goşun Iordan derýasyna gelip, ol ýerde dynç aldylar.
Выбор основного перевода