Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi. «Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi. Emma ol adam Ýowaba şeýle diýdi: «Müň kümüş berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym, sebäbi patyşa: „Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy goraň“ diýip, saňa, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berendigini öz gulagymyz bilen eşitdik. Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi. Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.
Выбор основного перевода