Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi. Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy. Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, huruşlyk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş, bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar. Gilgatly Barzyllaý Rogelim galasyndan geldi. Ol Iordan derýasyndan patyşa bilen bile geçip, ony ugradyp barýardy. Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy. Patyşa Barzyllaýa: «Meniň bilen gidiber, Iýerusalimde iýip-içjegiňi özüm alada ederin» diýdi. Emma Barzyllaý patyşa şeýle diýdi: «Patyşa bilen Iýerusalime gider ýaly, meniň ömrümiň ýene näçe ýyly galdyka? Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?! Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly? Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem göwnüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi. Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi.
Выбор основного перевода