Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn. Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer. Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer. Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň. Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma. Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi. Dawut Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri toplamagy buýrup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş ýonýan ussalary belledi. Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi. Onsoň Dawut ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öý gurmagy oňa wesýet etdi. Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy. Emma maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň. Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin. Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun. Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin. Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme. Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.
Выбор основного перевода