Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy. Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy. Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi. Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy. Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar. Ýehorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapadyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar. Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.
Выбор основного перевода