Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedaýa, Ýehoýaryp, Ýakin, Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa; Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý. Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi. Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi. Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.
Выбор основного перевода