Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şeýdip, olar öküzleri öldürdiler; ruhanylar gany alyp, gurbanlyk sypasyna serpdiler. Olar goçlary we guzulary öldürip, olaryň ganyny hem gurbanlyk sypasyna tarap serpdiler. Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler. Ýoşyýa Iýerusalimde Reb üçin Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýmagy karar etdi. Pesah janlysyny soýuň; iniňizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň». Ruhanylardyr lewiler inlerini tämizlediler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler üçin, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah janlysyny soýdular.
Выбор основного перевода