Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy. Rebbe Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bar güýji bilen jan-tenden gulluk eden Ýoşyýa ýaly patyşa ondan öň hem, soň hem bolmady. Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular. Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi? Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr:
Выбор основного перевода