Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. Ysraýyly dolandyran serdarlaryň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi. Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi. Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy.
Выбор основного перевода