12
Ýehorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapadyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar.