Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň. «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň. halkyň öňünde öz ruhanylyk borçlaryna biperwaý garaýardylar. Kimdir biri gurbanlyk berende, Eliýiň ogullarynyň hyzmatkäri eline üç dişli çarşak alyp gelerdi-de, ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çarşaga ilenini alyp, ruhana bererdi. Olar sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi babatynda şeýle edýärdiler. Üstesine-de, gurbanlyk malyň ýagy heniz ýakylmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi.
Выбор основного перевода